03.01
2018
Döwlet Baştutanlary we görnükli syýasatçylar hormatly Prezidentimize täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny iberýärler
03.01
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
02.01
2018
“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy.
02.01
2018
Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär.
02.01
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.
02.01
2018
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Norwegiýanyň Patyşasy Harald V, Daniýanyň Patyşasy Margrete II,
Tonganyň Patyşasy Tupou VI, Kanadanyň General-gubernatory Žýuli Peýett, Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Petsi Reddi, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Halil Ibragim Akça Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
01.01
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelmegini dowam edýär. Döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny Germaniýa Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkel, Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl Higgins, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulga, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halif Bin Zaed Al Nahaýan, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi, Iordaniýanyň koroly Abdulla II we onuň maşgala agzalary gutlag hatlarynda beýan etdiler.
01.01
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.
01.01
2018
Şu gün Medeniýet ministrliginiň maslahat zalynda meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragat Babaýewe “Hormatly Il ýaşulusy” diýen ady dakmak dabarasy boldy.
31.12
2017
Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk.