16.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Leonidas S.Markidisden ynanç hatyny kabul etdi.
16.02
2018
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy.
16.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
16.02
2018
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda sport we söweş sambosy boýunça Açyk çempionatynyň birinji gününde aşgabatly Ýusup Ismailow (52 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala mynasyp boldy.
16.02
2018
Olimpiýa şäherçesinde şu gün boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky final duşuşyklary geçirildi, olarda ähli agram derejelerinde altyn we kümüş medallara mynasyp bolanlar kesgitlenildi. Bürünç medallar ugrunda bäsleşikleri bolsa düýn geçirildi, olarda ýarym final ýaryşlarynda ýeňlen boksçylar bäsleşdiler.
16.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.
16.02
2018
23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
16.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Florida ştatynyň Parklend şäherindäki mekdepde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
16.02
2018
23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada Hökümetiň mejlisinde B. Abdyýewa habar berdi.
16.02
2018
26-njy fewralda Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy bolar we “Amul–Hazar 2018” awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Türkmenistanyň hökümet mejlisinde bu çärelere taýýarlyk görülişiniň barşyna garaldy.