30.03
2018
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2018-nji ýylyň 30-njy martynda bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça:
30.03
2018
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi.
30.03
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
29.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
29.03
2018
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen guralýan bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş türkmen paýtagtynda ilkinji gezek geçirilýär hem-de iki dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek meselelerine bagyşlanandyr.
29.03
2018
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
29.03
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
29.03
2018
Örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Şu gün metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň deputatlarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň sanawlary çap edilýär.
29.03
2018
Sizi Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
28.03
2018
Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi.