23.05
2018
Ýakynda «Russia Today» halkara teleýaýlymynyň topary Türkmenistanda boldy. Munuň özi türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly sapara öwrüldi. Russiýaly žurnalistleriň pikirine görä, häzirki döwürde bu ugruň uly geljegi bardyr.
23.05
2018
Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady.
23.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.
23.05
2018
Şu gün Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.
23.05
2018
Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
22.05
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.
22.05
2018
Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda
22.05
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.
22.05
2018
Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň guran “Teleradiogepleşikleri düzgünleşdirmek babatda halkara ölçegleri we gepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary” temasyndan iki günlük okuw öz işini tamamlady.
21.05
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.