04.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.
04.04 2019
Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan — Bajgyran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy — Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy.
04.04 2019
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
03.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.
03.04 2019
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
02.04 2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.
01.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
01.04 2019
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
01.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaý Ýankowdan ynanç hatyny kabul etdi.
31.03 2019
Şu gün ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
1522 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY