13.06
2019
Gulluk borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowyň general-maýor harby adyny polkownik harby adyna çenli peseltmeli.
13.06
2019
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Osmanow Atadurdy Ataberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
12.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi.
12.06
2019
Siziň bilşiňiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar.
12.06
2019
Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
12.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
12.06
2019
Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.
12.06
2019
Paýtagtymyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy.
12.06
2019
Ýurdumyzda galla oragynyň depgini barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaýyň oragyna girişdiler.
12.06
2019
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda