04.07 2019
Hytaýyň Szilin welaýatynda «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar topary çykyş edýär. Türkmenistanayň HHR-daky Ilçihanasynyň, welaýatyň halk hökümetiniň we «Szilin Şengşi Hors Kalçe Ko. Ltd.» kompaniýasynyň Çançun şäherinde guran dabarasy şu waka bagyşlandy.
03.07 2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Işanguly Bakyýew Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
03.07 2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.
03.07 2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedewe Irkutsk oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi.
03.07 2019
Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär.
03.07 2019
Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemeli.
02.07 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
02.07 2019
Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary mekdebi özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
02.07 2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýbölek Halykberdiýewna Täçmuhammedowa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
01.07 2019
Şu gün Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi.
1522 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY