Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň we öňde goýan maksatnamalaýyn wezipeleriniň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, senagatlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, şeýle hem saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martyna, ýekşenbe gününe bellemeli.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwary.