Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 14.05.2025
1967

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň wekillerini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de olaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler arkaly has-da berkidilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň «ADNOC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, dostlukly döwletiň wekillerine jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
top-arrow