Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 24.07.2026
23

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisde halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hususan-da, milli parlamentde Türkmenistana sapar bilen gelen Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi energetika kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara ibermäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik, zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlarynyň, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek sessiýa taýýarlyk görmek üçin degişli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.

Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda bolsa Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge toplumlaýyn çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak, dialog we öňüni alyş diplomatiýasy üçin giňişligi mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş eder. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip eder. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi-de teklip eder.

Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.

Durnukly ösüş we ulag ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda Türkmenistan dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.

Ýurdumyz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler. Şonuň ýaly-da, döwletimiz BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.

Ekologik howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer. Türkmenistan gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek babatda geňeşmeler geçiriler.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek hem wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistan zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini üpjün eder. Mundan başga-da, halkara gatnaşyklarda, parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamak dowam etdiriler. Ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna amaly taýdan gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berer.

Halkara hukugy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan halkara hukugyň ähmiýeti boýunça ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyçdyr. Ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar. Halkara hukugyň ýylyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň, komissiýalarynyň agzasy hökmünde işini işjeň dowam etdirer. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýratmak we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi pudagyň işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, onuň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow