Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
Medeniýet
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
Çap edildi 02.05.2025
4357

Şu günler paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi.

Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda guralýan bu döredijilik çäresi hem iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy babatda möhüm ädimdir. Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlarda parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda, iki halkyň özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde bu çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna dostlukly halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyzy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmalar birleşdirýär. Iki ýurduň alymlary, medeniýet işgärleri tarapyndan iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, çärä gatnaşyjylar giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary üçin döwletlerimiziň Baştutanlaryna sagbolsun aýtdylar hem-de Liwiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçmegini arzuw etdiler.

Açylyş dabarasynyň dowamynda dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasyna halk sazlarydyr aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Sazandalar, aýdymçylardyr tansçylar tomaşaçylara milli medeniýetleriň özara baglanyşygyny açyp görkezdiler. Özboluşly çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döredip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Häzirki döwürde ruhy mirasy gorap saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen bir hatarda, milli medeniýetleri ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ynsanperwer ugurdaky giň halkara gatnaşyklar bu wezipäniň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.

Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi. Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde Türkmenistanyň we Liwiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22.12
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
22.12
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde
21.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitindäki ÇYKYŞY
20.12
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
20.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
20.12
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
20.12
Sylaglary gowşurmak dabaralary
20.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow