Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen
Syýasy habarlar
Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen
Çap edildi 21.04.2015
1196

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde biziň ýurdumyzda sapar bilen bolýan Latwiýa Respublikasyndan Ýewpora parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda myhman milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň adam hukuklaryny goramak, halkara we parlamentara gatnaşyklary meselelerine degilip geçildi. Türkmen jemgyýetini demakratiýalaşdyrmak boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň Mejlisiniň halkara hukuk kadalaryny milli-hukuk ulgamyna ornaşdyrmakda oňyn işi nygtalyp geçildi. Ýewropanyň parlamenti bilen möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar oňyn gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar. *** Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen geçirilen duşuşygyň barşynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde myhman 23-nji aprelde açylýan “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII Halkara sergi-ýarmarkasyna, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşar, şeýle hem paýtagtymyzyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary we ajaýyp künjekleri bilen tanşar.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow