Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
Çap edildi 25.04.2015
1398

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň baştutany Igor Makarowy kabul etdi. Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen gutlady we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Işewür ýolbaşçylyk edýän holding kompaniýasynyň halkara derejesinde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýdyp, özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary ýurt, şol sanda rus kompaniýalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. «Itera» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, şol sanda nebitgaz, gurluşyk ulgamlaryndaky meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin bar bolan mümkinçiliklerini gönükdirmäge taýýardygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljek üçin, şol sanda sport düzümini kemala getirmekde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. I.Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen bazarynda alnyp barylýan işleriň möçberlerini artdyrmaga meýillidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, işewür birnäçe maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri hakynda aýtdy we «Itera» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow