Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň wekiliýetini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň wekiliýetini kabul etdi
Çap edildi 25.04.2015
1596

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzasy, Rumyniýanyň ozalky Patyşasynyň gyzy — mirasdüşer şazenanynyň ýanýoldaşy şazada Raduny we Daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi, Rumyniýa Hökümetiniň energetika howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Mehnea Kontantineskuwy kabul etdi, olar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Şazada Radu türkmen döwletiniň Baştutanyny gutlap we ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ýurdumyza ilkinji gezek gelip görýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny şöhraty dünýä dolan meşhur ahalteke bedewiniň hormatyna bellenilýän milli baýram bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Rumyniýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny belledi. Biz bu hyzmatdaşlygy halklarymyzyň bähbidine, şol sanda dünýä medeni mirasyny gorap saklamagyň bähbidine yzygiderli durmuşa geçirýäris, ajaýyp ahalteke bedewleri bolsa türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty hem-de dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň bellemegine görä, Rumyniýada Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bildirilýär we biziň ýurdumyzyň dünýä derejesindäki oňyn ornuna ýokary baha berilýär. Şunda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk, milli medeni mirasy gorap saklamak hem-de Ýer ýüzünde wagyz etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigi aýratyn bellenildi. Şazada Radu häzirki zaman sport düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi söhbetdeşligiň esasyny düzdi, myhmanyň aýtmagyna görä, bu ugurda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň hyzmatdaşlygy örän netijeli häsiýete eýe bolar. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli döwlet işinde üstünlikler türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, bagt hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz şazada Radunyň çakylygy kabul edip, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan ähli dabaralara gatnaşandygy üçin kanagatlanmasyny beýan etdi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow