Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi
Çap edildi 25.04.2015
1286

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi emir Muhammed Ben Saad Ben Halid Ben Muhammed Al Saudy kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy şanly baýramçylyk bilen gutlady we Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna Saud Arabystanynda aýratyn gadyr goýulýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler Türkmenistanyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Bu babatda alnyp barylýan işlere dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bilen syn edýär. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Saud Arabystany bilen däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny nygtady we ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdy. Möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi işjeň hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem atçylyk we atçylyk sporty ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanda we Saud Arabystanynda bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň yzygiderli alada etmegi netijesinde Türkmenistanda häzirki zaman atçylyk toplumlarynyň gurlandygy, gadymy milli atşynaslyk däpleriniň dikeldilmegi, dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi iki ýurduň umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň bardygyny bellediler.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow