Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşar
Çap edildi 08.05.2015
1132

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar. Bu giň gerimli çäräniň many-mazmuny urşa ýol bermezlik we parahatçylykly ýaşamak hakynda dünýä halklaryna gönükdirilen çagyrylyş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde halkara bileleşigine hemmetaraplaýyn ýardam etmek baradaky syýasaty bilen sazlaşýar. Bu syýasatyň baş maksady howpsuzlygyň dünýä ulgamyny saklamak we berkitmek, dawalaryň döremeginiň öňüni almak we howpy gowşatmak, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi, netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar üçin şertleri üpjün etmek bolup durýar. Hut şu ýörelgeler 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Rezolýusiýasynda berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinde öz beýanyny tapdy. Onuň 20 ýyllygynyň hormatyna şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow