Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa—Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa—Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 12.05.2015
1340

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Awstriýa—türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Myhman duşuşmak üçin wagt tapandygyna hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini şu gün ýokary derejede geçirilen döwletara gepleşikleriniň örän netijeli bolandygy bilen gutlady. Şol gepleşikler iki ýurduň ählumumy bähbitleriň ugrunda uzakmöhletleýin, ynam bildirilýän hyzmatdaşlyga özara gyzyklanmasynyň görkezijisi boldy. Döwlet Baştutanymyz Neda Bergeri mähirli mübärekläp, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şol jemgyýet ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, medeniýet, sungat, maglumat alyş-çalşy babatda ýygjam işewür hem-de netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy boýunça uly işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, Awstriýa-türkmen jemgyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wena ilkinji resmi saparynyň öň ýanynda 2008-nji ýylyň güýzünde döredildi. Şu ýyllaryň içinde jemgyýetiň gatnaşmagynda hatarynda “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň döredilmegi ýaly bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli duşuşyklar, tanyşdyryş çäreleri, sergiler yzygiderli guraldy. Aýratyn ähmiýetli medeni çäreleriň arasynda, şeýle hem Ýewropanyň ykrar edilen medeni paýtagty bolan Wenada türkmen sungat ussatlarynyň çykyşyny hem-de Aşgabatdaky Wena balyny görkezmek bolar. “Galkynyş” žurnalynyň neşir edilmegi hem-de türkmen halkynyň taryhy, medeni däp-dessurlary, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki zaman Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary we üstünlikleri baradaky maglumatlary özünde saklaýan Internet-saýtynyň döredilmegi bu jemgyýetiň türkmen-awstriýa gumanitar gatnaşyklaryna goşandy bolup durýar. Neda Bergeriň türkmen halkynyň köne dostydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Hanym Neda Berger türkmen döwletiniň Baştutanyna çakylygy hem-de Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň işine berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip, Awstriýanyň jemgyýetçilik toparlary tarapyndan belent halkara abraýdan peýdalanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bildirilýän uly gyzyklanmany nygtady. Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeler ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi we hormatly Prezidentimize öz goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow