Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti AEHA-nyň baş direktory bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti AEHA-nyň baş direktory bilen duşuşdy
Çap edildi 12.05.2015
1216

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Ýukiýa Amano bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen döwletiniň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşen “Imperial” myhmanhanasynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, baş edarasy Wena şäherinde ýerleşýän Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi BMG-niň ulgamynda garaşsyz hökümetara gurama hökmünde 1957-nji ýylda döredildi. AEHA-nyň işiniň maksady atom energiýasyny parahatçylykly peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. AEHA-nyň ýolbaşçysy türkmen Liderini mübärekläp, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruna ýokary baha berdi hem-de ýurdumyzyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini we onuň sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşýan uly goşandyny belledi. Şunda jenap Ýukiýa Amano ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu gurama Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri abraýly halkara guramalary, şol sanda AEHA bilen hem hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar. Türkmen Lideri ýurdumyzyň dünýä derejesinde möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ygtybarly we durnukly ornuna degişli BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow AEHA bilen özara gatnaşyklar barada aýdyp, 2005-nji ýylda Wenada Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy baradaky Şertnama bilen baglylykda kepillikleri peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyga hem-de bu Ylalaşyga Goşmaça teswirnama gol çekilendigini nygtady. Şu ýylyň ýanwar aýynda AEHA-nyň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary boldy. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, AEHA-nyň Dolandyryjylar Geňeşine bu halkara guramasyna agza bolmak hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň haýyşynyň kabul edilendigi hem-de ýurdumyzyň AEHA-nyň agzasy hökmünde bu guramanyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda Wenada geçiriljek baş maslahatynda dalaşgärliginiň oňlanylmagy üçin teklibine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasaty barada aýdylanda, milli Liderimiz onuň esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň goýlandygyny belledi. Bar bolan kuwwatlylyk ýurdumyza tebigy gazy Ýewraziýa yklymynyň birnäçe ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy durmuşa geçirilmegiň tapgyrynda dur. Ýewropa ugry hem möhüm bolup durýar. Degişli gepleşikleriň barha artdyrylmagy bu ugra depginli häsiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň derejesinde türkmen “mawy ýangyjyny” Ýewropa bazarlaryna ibermegi üpjün etmek üçin ýeke-täk guraly işläp taýýarlamak maksady bilen, dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazyň energiýa çeşmesi hökmünde çig malyň ekologiýa taýdan amatly görnüşleriniň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanda elektrofikasiýa meseleleriniň hem doly çözülendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz üçin şu ýylyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllygy bilen alamatlanýandygyny belläp, AEHA-nyň baş direktoryny Türkmenistana gelmäge hem-de bu waka bagyşlanyp, dekabr aýynda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Jenap Ýukiýa Amano çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu geçen ýyllaryň içinde türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döredijiligiň, sebitde ynam we durnuklylyk ýagdaýynyň pugtalanmagynyň hakyky guraly bolandygyny nygtady. AEHA-nyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň ýurdumyz bilen mundan beýläk hem ýygjam özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistan birnäçe möhüm şertnamalara – ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan azat zolak hakynda we beýleki ähmiýetli resminamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerip, dünýäde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esaslarynyň berkarar bolmagyna, ýaragsyzlanmak babatda işleriň işjeňleşmegine mynasyp goşandyny goşýar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de AEHA-nyň baş direktory Ýukiýa Amano ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow