Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 27.05.2015
1165

Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde üstünlikli ösdürilýän däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda köpýyllyk gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, özüni ýokary derejede hem-de hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde görkezen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi. G.Zubko ukrain tarapyndan başlyklyk edýän bilelikdäki toparyň işine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek şu gezekki mejlise gatnaşyjylaryň köpugurly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz we Ukrainanyň wise-premýer-ministri uzakmöhletleýin türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan energetika, maşyngurluşygy, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumynda, medeni-gumanitar ulgamda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berler. Türkmenistanyň çäklerinde Ukrainanyň gurluşykçylarynyň we taslama institutlarynyň gatnaşmagynda täze bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynam bildirdiler. Bu mejlis däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýew gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow