Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy
Jemgyýet
Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy
Çap edildi 11.09.2017
2381

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, Sena we pasport ýaly döwlet nyşanlarynyň biri saýylýandygy göz öňünde tutulanda, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň bezeg maksatnamasynyň nyşanlarynyň we reňk sazlaşygynyň esasynda işlenip taýýarlanan täze markalar toplumynyň çykarylmagy öňde duran bäsleşikleriň ýokary derejeliligini ýene bir gezek tassyklaýar. Çünki oýunlar sport mazmunyndan başga uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýete eýedirler we özlerinde ägirt uly ylalaşdyryjylyk gujur-gaýraty jemleýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow оýunlaryň başlanmagyna çenli 10 gün galmagy mynasybetli 7-nji sentýabrda bolan dabarada eden çykyşynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň taryhy çözgüdi biziň Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki sport abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryna ähli ussatlyklaryny görkezmegi we köp sanly medallary gazanmagy arzuw edip, sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän we adamlary belent üstünliklere ruhlandyrýan güýçdügini belledi. Täze poçta markalary türgenler we janköýerler üçin oňat ýadygärlik sowgatlary bolarlar we filatelistleriň marka toplumlarynyň üstüni doldurarlar. Markalary toplamak bilen meşgullanmaýanlar üçin bolsa poçta tölegleriniň owadan belgileri türkmen paýtagtynda şu hepdäniň ahyrynda badalga aljak uly sport baýramynyň keşbiniň kiçeldilen özboluşly beýanaty bolar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow