Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasy
Jemgyýet
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasy
Çap edildi 25.07.2017
2798

Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan häzirki zaman kompýuter we edara enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we döwrebap iş mebelleri bilen üpjün edilen iş otaglary bar. Binanyň içinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň 6-sy—Demokratik partiýa we Agrar partiýa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda “tegelek stollary”, duşuşyklary, ýygnaklary, maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan 5 sany 20 orunlyk, 2 sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda ajaýyp şekilde bezelen dürli maslahatlary geçirmek üçin uly mejlisler zaly bar. Binanyň üçünji gatynda hormatly Prezidentimiziň görnükli eserleri, şeýle hem beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Edara binasynyň içki bezegi üçin ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleri we döwrebap bezeg gymmatlyklary ulanylypdyr. Binanyň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerinde bassyrmaly açyk awtoduralga hem göz öňünde tutulypdyr. Onuň ýerzemin gatynda awtoduralga, arhiw we ammar jaýlary ýerleşýär. Milli Liderimiz edara binasy bilen tanşyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, döwletimizde we jemgyýetimizde giň gerimli demokratik özgertmeleri ýaýbaňlandyrmakda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň many-mazmunyny we asyl maksatlaryny düşündirmek boýunça köpçülikleýin aň-bilim işlerini alyp barmakda jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm orun eýeleýändiklerini belledi. Türkmenistanlylaryň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de berkitmek, ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, halkymyzyň öňden gelýän ahlak gymmatlyklaryny ýaýmak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milletimiziň baý döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, olaryň alyp barýan işlerine uly ähmiýet berilýär.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow