Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara olimpiadalarynda ýaş türkmenistanlylaryň täze üstünlikleri
Jemgyýet
Halkara olimpiadalarynda ýaş türkmenistanlylaryň täze üstünlikleri
Çap edildi 01.05.2017
2939

Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagtynda 23-30-njy aprel aralygynda geçen himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Ders bäsleşigine gatnaşmak üçin Astana şäherine Ýewropa, Aziýa, GDA, Baltika döwletlerinden we beýlekilerden - jemi 20 ýurtdan ýaş himiýaçylaryň 120-si ýygnandy. M.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guramaçylyk komitetine bu ýokary okuw mekdebiniň himiýa fakultetiniň dekany, akademik W. Lunin başlyklyk edýär, bäsleşik üç tapgyrdan: iki nazaryýet we bir amaly-synag bölüminden ybarat boldy. Bäsleşikleriň jemleri boýunça Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Serdar Begenjow kümüş medala eýe boldy. Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňňur öwredilýän ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Intizar Taşow bürünç medal bilen üçünji orny eýeledi. Ders bäsleşigine Türkmenistandan ýene-de aşgabatly iki sany 10-njy synp okuwçysy gatnaşdy, bu bäsleşikler olaryň geljekde halkara derejeli ýaryşlarda ýeňiş gazanmak üçin oňat tejribe toplamagyna mümkinçilik berdi. Şu gün Watanymyza dolanyp gelen toparyň agzalaryny Aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep-internatynda sarpalamak dabarasy geçirildi. Biziň okuwçylarymyzyň şeýle ýokary derejeli aň-paýhas bäsleşiklerde gazanýan her bir üstünligi olaryň deň-duşlaryny ruhlandyrýar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijelidigine şaýatlyk edýär. Astanada geçirilen Olimpiadada çykyş eden türkmen toparynyň ýolbaşçysy – aýratyn zehinli çagalar üçin döwlet mekdep internatynyň himiýa mugallymy N.Mämmedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, onuň tehnologik kuwwatyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny artdyrmak üçin binýatlyk bolan ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek milli Liderimiziň syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralaryny kompýuterleşdirmek we maglumatlaşdyrmak, döwrebap kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny amala aşyrmagyň täsirli guraly boldy. Şol tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde türkmen ýaşlary bu gün dürli ylmy bäsleşiklere, dersler boýunça olimpiadalara gatnaşyp, olarda baýraklary we medallary gazanýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary “Ykdysadyýet”, “Nazaryýet mehanikasy”, “Informatika”, “Metallaryň garşylygy”, “Ekologiýa”, “Statistika” sapaklary boýunça kompýuter online synag görnüşinde geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşdylar. Olimpiadany geçiren operatorlar – Russiýa Federasiýasynyň Bilimiň hiline gözegçilik baradaky ylmy-barlag instituty hem-de Bilim ulgamynda innowasiýalary goldamagyň milli gaznasy. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna talyplaryň 2 müň 125-si, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Sloweniýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan talyplar gatnaşdylar. Döwlet energetika institutynyň wekilleri internet-synagyň hötdesinden gelmegi başaryp, taýýarlygyň oňat derejesini görkezdiler. Olar dersleýin synagyň netijeleri boýunça medallaryň 7-sine: 4 sany altyn, 1 kümüş we 2 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle olimpiadalara gatnaşmak talyplara özüni görkezmäge, döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, ýeňşe bolan erk-islegi terbiýelemäge, şeýle hem halkara çäklerde ýurdumyzdaky bilimiň derejesini we hilini görkezmäge ýene bir mümkinçilik berýär. Biziň ýurdumyz bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň bilim we maglumatlar giňişligine işjeň goşulýar.

Soňky habarlar
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
08.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow