Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwaty artýar
Syýasy habarlar
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwaty artýar
Çap edildi 01.07.2015
1240

2-iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji iýunda geçirilen göçme mejlisinde bellenilişi ýaly, Tbliside geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-gruzin duşuşygy däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmelidir. Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň we Gruziýanyň köpugurly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge özara gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ozaly bilen iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär. Gruziýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze, özara bähbitlere laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ygtybarly esas döretdi. Aşgabat duşuşygynyň ýokary netijeliligi däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň diňe bilelikdäki işlerde toplanan oňyn tejribä däl-de, eýsem, köpugurly mümkinçiliklere hem eýe bolup durýandygyny görkezdi. Olaryň doly amala aşyrylmagy bolsa iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmen paýtagtynda gol çekilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar ulag, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, taraplar Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ynanyşmak we özara duşünişmek ýagdaýynyň ýola goýulmagyna bilelikde ýardam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňiz sebitleriniň arasynda ulag-üstaşyr düzümini döretmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Onuň ulanylmagy Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň döwletleri bilen sebitara gatnaşyklaryny üpjün etmäge ýardam berer. Geçen ýylyň sentýabrynda hut Aşgabatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça dörttaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigi bellärliklidir. Bu täze taslama gatnaşyjylaryň pikirine görä, onuň amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri açar we tutuş Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder. Şeýlelikde, täze bilelikdäki taslamalar milli bähbitlere, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerine laýyk gelýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açýar. Netijeli syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmaga, ykdysady bähbitleri ýakynlaşdyrmaga hem-de esasy ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, ulag we medeni-gumanitar ulgamlarda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga tarap ynamly ugur alan iki dostlukly ýurduň eýeleýän mäkäm orunlary eýýäm häzirden geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyny çaklamaga mümkinçilik berýär. Şol gepleşikler bolsa ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyr üçin badalga bolup hyzmat eder. Iki ýurduň Liderleri öňde boljak duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny, türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini öz içine alýan meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. Şol hyzmatdaşlyk birnäçe kesgitleýji ýagdaýlary, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň milli bähbitlerini we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazar almak bilen guralýar. Gol çekilmäge taýýarlanýan möhüm resminamalar Türkmenistanyň we Gruziýanyň özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edinýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şol resminamalar hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňelder we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmek üçin oňaýly esas döreder.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow