Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi
Jemgyýet
Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi
Çap edildi 03.03.2017
1831

“Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkyň saglygy we onuň bagtyýar durmuşy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, onuň öňüni almak, neşekeşlige bagly bolan adamlary bejermek, olary ýaramaz endiklerden daşlaşdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan tutuş adamzada howp salýan bu ýaramaz endige garşy göreşmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň kontrabanda ýoly bilen getirilmeginiň, olaryň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak boýunça köpugurly maksatnamalaýyn işler geçirilýär. Şeýle işleriň ählisi hukuk goraýjy edaralar, gümrük we serhet gulluklary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýygjam hyzmatdaşlykda toplumlaýyn alnyp barylýar. Neşe serişdeleriniň köki-damary bilen ýok edilmegi boýunça olary ulanmagyň zyýany hakynda giň wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Çykyş edenleriň her biri halkymyzyň ähli döwürlerde hem kanuny bozup, neşe serişedelerini ýaýratmak bilen, jemgyýete ägirt uly howp salýanlary hemişe ýazgarypdyr. Şeýle hem adamlaryň saglygyna zeper ýetirip, baýamak isleýänler üçin has berk jezanyň berilmeginiň zerurdygy bellenildi. Ýakynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň üstünlikli geçiren dessin çäreleri netijesinde neşe serişdelerini kontrabanda ýoly bilen getirip, söwda edýän wagtlary saklanylan birnäçe adamy mysal getirdiler, şu günki çärä gatnaşyjylaryň ählisi şeýle hannaslara iň berk çäre görülmelidigini talap etdiler. Olaryň köpüsi neşe söwdasyny edýänleriň günäsi geçilmek hukugyndan mahrum edilip, ömürlik tussaglyga höküm edilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler. Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmeginiň häzirki döwrüň wehimlerinden goranmak boýunça amala aşyrylýan tagallalaryň esasylarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Milli Liderimiziň aladalary netijesinde bu çäreler ýurdumyzda giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzda häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygy giňden dowam edýär. Şunda, döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan şahsy ýörelgesi jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýan ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow