Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Ykdysadyýet
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Çap edildi 07.10.2026
2411

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Sebitiň derýalarynyň suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwletara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak duşuşygyň esasy maksady bolup durýar. Suw serişdelerini netijeli ulanmak tutuş Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biridir. Howanyň ählumumy üýtgeýän, buzluklaryň ereýän we sebitiň ilatynyň barha artýan şertlerinde goňşy ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň dowamynda ekoulgamlara zyýan ýetirmezden sebitiň ähli ýurtlarynyň oba hojalyk pudaklaryny suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin, Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berjaý etmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde yzygiderli öňe sürülýän suw diplomatiýasy ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy ýokary derejeli forumyň esasy meselesi boldy. Ýurdumyz Merkezi Aziýada suw meselesiniň halkara hukugyň kadalary, özara hormat goýmak we sebitiň her bir döwletiniň bähbitlerini nazara almak arkaly çözülmelidiginden ugur alýar.

Bilermenler suw hojalyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny giňden ulanmagyň, suw ýitgisini azaltmak üçin suw akabalaryny betonlamagyň, şeýle hem serhetüsti akýan derýalaryň suw akymlaryny hasaba almak işini sanlylaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň alyp barýan işi ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm bölegi boldy. Foruma gatnaşyjylar bu institutlaryň guramaçylyk düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we häzirki döwrüň ekologiýa meseleleri bilen baglylykda, olaryň alyp barýan işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga we çölleşme bilen göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki ekologiýa taslamalaryna aýratyn üns berildi. Amyderýanyň we Syrderýanyň ýokarky akymlarynda gidroenergetikanyň we aşaky akymlarynda suwarymly ekerançylygyň bähbitlerini utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmäni ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtadylar. Bilelikdäki ylmy we tehnologik binýat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ilata we oba hojalygyna ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berer.

Çärä gatnaşyjylar forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, Awazada döredilen şertleriň netijeli pikir alyşmaga ýardam berendigini nygtadylar. Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýa taýdan arassalygy we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döwrebap infrastrukturasy myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütler we ylalaşylan çemeleşmeler Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde uzak möhletli suw we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Duşuşygyň netijeleri bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
02.11
Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ilerledýär
02.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
top-arrow