Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 01.09.2026
19

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi bagtyýar ýaşlarymyzy bilimler dünýäsine has çuňňur aralaşmaga ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen utgaşýan bilimler baýramynyň şanyna guralýan çäreleriň döwlet berkararlygymyzyň mizemezligini, milli bilim ulgamynyň okgunly ösüşini giňden dabaralandyrjakdygyna pugta ynanýaryn.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda belleýşiňiz ýaly, Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şoňa görä, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okaýan il ozar...», «Zehin zehinden zyýada» diýen paýhasly jümleleri döreden pederlerimiziň toplan tejribelerine eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, täze taryhy döwürde milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky özara baglanyşykly işler bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Jemgyýetiň ösüşinde bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenilýär. Şundan ugur alnyp, Siziň baştutanlygyňyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim işine okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylyp, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ulgama sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş türgenler abraýly halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belende göterýärler. Şeýle guwandyryjy işler ýaşlaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we beýleki möhüm maksatnamalar döwletimiziň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga oýlanyşykly esasda, ylmy taýdan çemeleşilýändigini subut edýär. Siziň öňdengörüjilikli tagallalaryňyz esasynda geljekde bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň, sanly ulgamyň, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen işleri has-da rowaçlandyrar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň başda durmagyňyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilip, daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklary, ylym-bilim merkezleri, öňdebaryjy halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi bolsa bu möhüm ulgamy dünýä derejesinde ösdürmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim binýadyny berkitmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow