Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 30.08.2026
981

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi.

Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitreme zerarly iberen gynanç haty üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimisu Moteginiň ýurdumyza saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Bu dialog birnäçe ýyllaryň dowamynda sebitde hereketleri utgaşdyrmakda netijeli gural bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny, saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini, wajyp ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri hanym Sanae Takaiti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly itergi berendigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu topar kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary, geňeşmeleri geçirmäge ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Bu gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «ITOCHU Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandygyny, bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurlandygyny belläp, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýapon kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

* * *

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejede yzygiderli ýagdaýda geçirilýän duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow