«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere beslenýär. Munuň özi Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen strategik gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary taglymlaryna we maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasy hem dünýä gurluşynyň, halkara howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegi üçin möhüm meýdança öwrüler.
Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenilip, ol şeýle bolmagynda-da galýar.
Bitaraplygyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň parahatçylygy gorap saklamak, halkara howpsuzlygy berkitmek, milli, sebit we ählumumy bähbitleri hasaba alyp, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky düýpli maksatlar bilen gabat gelmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň esasy binýady bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň köptaraplaýyn resminamalarynyň toplumy, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işi maksatnamalaýyn hereketleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini berkitmäge gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda dünýä syýasatynyň wajyp meseleleri babatdaky anyk garaýyşlary we başlangyçlary öňe sürmegi, bitaraplygyň institusional mümkinçilikleriniň, hereket edýän gurallarynyň ornuny güýçlendirmegi yzygiderli dowam etdirer. Şunda halkara syýasatyň, geljek nesiller üçin asuda dünýäniň, däp-dessurlaryň ähmiýetine hemmetaraplaýyn goldawyň hem-de howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dialogyň oňyn tejribeleriniň hukuk we ynsanperwer mazmunyny güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berler. Bu ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzyň açyklyk, hoşniýetlilik, işjeň özara hereketler ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär we häzirki zaman dünýäsiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmekde Türkmenistanyň BMG-ä agza döwlet hökmündäki çynlakaý hem jogapkärli çemeleşmelerini tassyklaýar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasyna parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda Milletler Bileleşiginiň we onuň düzümleriniň çäklerinde bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri hakynda, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalar aýratyn orny eýeleýär.
Nobatdaky sessiýada Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek babatda toplumlaýyn çemeleşmeleri ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak medeniýetini, dialogy, öňüni alyş diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary “BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarlylygynyň deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny hem öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek boýunça geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara gün tertibiniň aýratyn ugry sanly tehnologiýalary we emeli aňy ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda hem-de diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça BMG-niň howandarlygynda halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.
Türkmenistanyň halkara gün tertibinde durnukly ösüş we halkara ulag hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyz ulag diplomatiýasynyň wajyp merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Şoňa görä, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Şeýle-de Türkmenistan 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşar.
Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürler. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi halkara ulag aragatnaşyklarynyň giňeldilmegine, söwdanyň ösdürilmegine hem-de sebitleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri hem möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça howanyň üýtgemegi babatda başlangyçlaryň öňe sürülmegine ýardam bermäge we halkara hyzmatdaşlygy institusional taýdan pugtalandyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze meýdançasy hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip ediler. Mundan başga-da, Türkmenistan gurakçylyk we suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli düýpli kynçylyklary başdan geçirýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmaga degişli başlangyç bilen çykyş eder. «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumyň guralmagyna taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeler geçiriler.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz zenanlaryň we ýaşlaryň bähbitlerine gönükdirilen dialogyň, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny ösdürmek, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek işi üns merkezinde bolar. Şeýle-de ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda eýeleýän ornuny hem-de işjeňligini ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işine goldaw bermek boýunça işler dowam etdiriler. «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde ýurdumyz ýaş nesliň wekilleriniň halkara hem-de sebit başlangyçlaryna gatnaşmagynyň giňeldilmegine ýardam bermegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda halkara hukugy babatdaky başlangyçlar hem möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan halkara hukugyň ornuny pugtalandyrmaga, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi görkezmek bolar. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara hukuk kadalarynyň aýratyn ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip ediler. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde işjeň iş alyp barmagyny, şeýle-de BMG-niň, onuň beýleki edaralarynyň, komissiýalarynyň, düzümleriniň işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçiriljek saýlawlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki saýlawly edaralaryna dalaşgärligini hödürlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde alyp barýan işjeň hem-de oňyn orny ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň barşyna yzygiderli gatnaşmagyna, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna, özara düşünişmek, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýagdaýyny kemala getirmäge goşant goşmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary sebit we ählumumy ähmiýetli taslamalarda, maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Olary parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge we halkara bileleşigiň umumy bähbitlerini goramaga bolan gyzyklanma birleşdirýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, oňyn dialog we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň üýtgewsizliginiň nobatdaky beýanydyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de häzirki we geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine umumy maksatlara ýetmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.