Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
Teswirlemeler
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
Çap edildi 29.07.2026
21

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan parahatçylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi bilen bir hatarda, hukuk, dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurmagyň pugta binýady hökmünde demokratik ýörelgeler hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu ugurdaky işlerde asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli tejribäniň, häzirki döwrüň talaplarynyň özboluşly sazlaşygy beýanyny tapýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meselelerini çözmäge işjeň çekilmegine, Watanymyzyň ykbaly, geljegi üçin her bir raýatyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işine aýratyn orun degişlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ählihalk forumyna toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, onuň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek möhüm waka bolar. Şunda mejlisiň maksatnamasyny we degişli resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere hem-de ýüzlenmelere garamaga, olary hasaba almaga, ulgamlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

15-nji iýulda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk forumynda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda taryhy ähmiýetli mejlisiň guramaçylykly geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu ählihalk forumyna taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyrlar. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleriň seljerilmelidigini nygtady. Täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi. Bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigi aýdyldy.

Milli Liderimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermegiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagyň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmak, ýokary wekilçilikli edaranyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrýandygyny, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe bir Watanymyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýändiginiň güwäsidir.

Şu ýylyň röwşen maksatlary we onuň şygarynyň mazmuny geçirilen hem-de geçirilmegi göz öňünde tutulýan, şol sanda halkara derejedäki çärelerde aýdyň beýanyny tapýar. Şunda meşhur ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga, seýisçilik sungatyny hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk atçylyk däp-dessurlaryny giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezidiumyň mejlisindäki çykyşynda atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaş watandaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen belledi. Olar Özbegistanda, Azerbaýjanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Beýik Britaniýada, RF-niň Tatarystan Respublikasynda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çäreler guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede türkmen milli atçylyk sungaty boýunça ussatlyk bilen çykyş etdi. Meşhur çapyksuwarlarymyz Kazan şäherinde guralan atly sport çärelerinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular.

Halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berjek Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda sentýabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň аrаsynda gözellik bäsleşigi şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrar. Giň gerimli forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Bu çempionat hem-de bäsleşik diňe bir behişdi bedewlerimiziň ajaýyp häsiýetlerini, gaýtalanmajak gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen medeni we sport gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz beýleki wezipeler bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alnyp barylýan işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmelidigini, Halk Maslahatynyň öňünde Watanymyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň durnukly depginini görkezýändigini nygtamak gerek. Senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak işi ulgamlaýyn esasda amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şunda ekologik meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hökmünde beýan edilen maglumatlar munuň aýdyň mysalydyr. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylýar.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydygyna ünsi çekdi. Şunda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu babatda jemgyýetimiziň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy möhüm şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz geljekde hem dürli ugurlarda alnyp barylýan özgertmeler syýasatyny üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemelidigini, esasy maksadyň ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdygyny belledi.

Täze taryhy döwürde türkmenistanlylar eziz Watanymyzda gazanylýan üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarlar, öz halal zähmeti bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleri döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine möhüm orun degişlidir. Halkymyz jemgyýetde uly abraýdan peýdalanýan ýaşuly nesliň baý durmuş tejribesine bil baglap, olaryň parasatly maslahatlaryna, öwüt-nesihatlaryna hemişe-de ýokary baha beripdir. Häzirki wagtda döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde geňeşçi-maslahat beriji topar bolup durýan Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işi bu däp-dessurlara ygrarlylygyň beýanydyr. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlarymyzy watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda, gadymdan gelýän milli gymmatlyklaryň we belent ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda terbiýelemäge, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.

26-njy maýda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine bu geňeşiň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wagyz-nesihat etmek, ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär. Şeýle hem häzirki döwürde halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ünsi çekip, ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup kuwwatly döwletimiziň durandygyny ýene bir ýola belledi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna aýratyn howandarlyga mätäç ýaşajyk raýatlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw, şol sanda saglygyny dikeltmek boýunça lukmançylyk we durmuş kömegi berilýär. Müňlerçe çaganyň jemgyýetiň, döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmagyna bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, ýokary talaplara laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler döwletiň ösüp gelýän ýaş nesliň, halkyň saglygy we geljegi barada edýän çäksiz aladasynyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawatyň türkmen halkyna mahsus milli däpleriň biridigini aýdyp, howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklady. «Geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginlerde dowam etdireris» diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Şeýlelikde, öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi we onda kabul ediljek çözgütler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, täze üstünliklere, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ykbalynda täze taryhy tapgyry alamatlandyrar. Zähmetsöýer halkymyzyň eziz Watanymyza çäksiz söýgüsi, jebisligi we döredijilik kuwwaty munuň ygtybarly kepilidir.

Soňky habarlar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
28.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.07
Medeniýetleriň we eýýamlaryň dialogy «Miras» žurnalynyň sahypalarynda
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
27.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
top-arrow