Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 14.07.2026
1442

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň şu saparynyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklary ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz sebit düzümleriniň, hususan-da, “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerindäki üstünlikli hyzmatdaşlygy aýratyn nygtap, bu düzümleriň dialogy çuňlaşdyrmakda, köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli meýdança bolup çykyş edýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu çäreleriň sebit hyzmatdaşlygyny, özara ynanyşmagy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini, şeýle hem türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Däp bolşy ýaly, söwda-ykdysady, şol sanda energetika, ulag-logistika ýaly strategik ulgamlar özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu ugurda tagallalary utgaşdyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine aýratyn orun degişlidir.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowa berk jan saglyk, rowaçlyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
top-arrow