Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 01.07.2026
1416

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçiriljekdigini aýdyp, onuň netijeleriniň döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gazagystan bilen gatnaşyklary halklarymyzyň arasyndaky köpýyllyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmäge esaslanýar. Ýurdumyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýär.

Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň we “Merkezi Aziýa +” formatlarynyň çäklerindäki üstünlikli özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Toparyň nobatdaky mejlisi ýakynda Astana şäherinde geçirildi. Onuň işi hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmaga, özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, maýa goýumlary we bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
top-arrow