Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2026
423

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de Milli Liderimiziň türk-türkmen dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, uly şahsy goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyza sapary amala aşyryp, toý-dabaralara gatnaşandygyny aýtdy we munuň üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

“Biz ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyrys. Bu babatda şu ýylyň güýz aýlarynda Türkiýe Respublikasynda ýokary derejeli möhüm çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada bellemek isleýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda öz goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna uly orun degişlidir. Ýakynda Aşgabatda bu toparyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hususy kompaniýalaryň işiniň uly ähmiýetine ünsi çekip, Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini aýtdy. Şolaryň hatarynda dokma toplumlary, energetika, gazhimiýa pudaklary boýunça iri taslamalar, senagat kärhanalary, dürli maksatly binalar, ýüzlerçe beýleki desgalar bar. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika babatda hem Türkiýe Respublikasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, ýurdumyzyň bu ugurlarda bilelikdäki işleri has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz medeniýet, ylym-bilim, beýleki durmuş ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary we durmuş ýörelgelerimizi gorap saklamak, olary döwrebap esaslarda ösdürmek, ýaş nesle ýetirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini, hususan-da, däp bolan özara Medeniýet günlerini, kino günlerini geçirmegi dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, häzirki wagtda müňlerçe türkmen talybynyň Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny belledi we olaryň Türkiýede bilim almaklary babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmegiň möhümdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
top-arrow