Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2026
986

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti gazak-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, köp asyrlaryň dowamynda türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Hut şu ýörelgeler häzirki döwürde we uzak möhletleýin geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň giň toplumyny öz içine alýar. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk mehanizmleri — hökümetara toparlar, ugurdaş iş toparlary we beýleki utgaşdyryjy düzümler hereket edýär. Olar gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz syýasat, diplomatiýa ulgamlarynda gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady hem-de munuň işjeň döwletara dialogda, ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlarda, daşary syýasy başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynda, halkara giňişlikde alnyp barylýan hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi çuňlaşdyrmakda, strategik çözgütleri işläp taýýarlamakda, bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orny eýeleýär. Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da golaýdygy nygtaldy. Bu bolsa netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýady döredýär we halkara bileleşigiň öňünde duran wezipeleri has netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda Türkmenistan bilen Gazagystanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri aýdyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, ýurdumyzyň BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Gazagystan bilen söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şunda bu maksatlara ýetmek üçin ähli zerur şertleriň — syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň, geljegi uly strategik maksatlaryň bardygy aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-gazak gatnaşyklarynda medeniýet, bilim, ylym we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Halklarymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, gymmatlyklarynyň umumylygy jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda dost-doganlygy we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birege berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
09.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow