Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
Çap edildi 27.06.2026
25

Balkan welaýatynda birnäçe gün dowam eden Medeniýet hepdeligi şu gün tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy berkarar Watanymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň şu gün giňden bellenilýän toý çäreleri bilen utgaşyp, bu senäniň baýramçylyk wakalarynyň hatarynda uly we täsirli orna eýe boldy.

Balkan welaýatynda bir hepdeläp dowam eden Sungat forumyna gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň Balkanabat şäherindäki heýkeline ajaýyp gül desselerini goýup, beýik söz ussadyny sarpaladylar. Ýadygärligiň etegine goýlan gül çemenleri beýik türkmen şahyrynyň öz eserlerinde ündän parahatçylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, päkniýetlilik, ynanyşmak baradaky maksatlarynyň, oý-pikirleriniň özboluşly rowaçlanmasyny hem-de halkymyzyň ynsanperwer şahyra bolan söýgüsini we çuňňur hormatyny, onuň zehinine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrdy.

Soňra Foruma gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyna geldiler. Bu ýerde Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de berkarar Watanymyzda her ýyl giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Çärede hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary esasynda indiki, 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hem yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary dabara gatnaşyjylara ýetirildi. Bu baradaky habar Sungat forumyna Daşoguz welaýatyndan gatnaşýan wekiller tarapyndan şatlyk-şowhun bilen kabul edildi.

Konsert maksatnamasynda meýilleşdirilen çykyşlar tamamlanandan soň, Daşoguz welaýatynyň wekillerine 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjekler hökmünde Göçme kubok gowşuryldy.

Soňky habarlar
27.06
Medeniýet hepdeligi milli döredijiligiň baýlygyny görkezdi
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.06
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
26.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: bäşinji gün
25.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.06
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşygy
25.06
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
25.06
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
25.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün
top-arrow