Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 20.06.2026
1557

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.

Jamşid Hojaýew türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdumyzyň halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryna hem-de özbek wekiliýetine Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 19-njy mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda geçiriljek giňişleýin we netijeli pikir alyşmalaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini hem belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow