Döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden we ýeňilliklerden netijeli peýdalanýan gallaçy kärendeçiler Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrdylar. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, edermen gallaçy daýhanlaryň asylly zähmetiniň miwesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyran giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly ösüşler gazanylýar. Şunda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly. Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý hasylynyň tabşyrylmagy oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Şu günler güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar. Möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işi gallaçy kärendeçileriň öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bolup, kärendeçi daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşmagy hem-de onuň ýetişdiren bugdaýynyň oragyna ak pata bermegi ýurdumyzyň gallaçy kärendeçilerini belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrdy.
Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçilerine döwlet tarapyndan ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi, häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalarynyň netijeli işledilmegi daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Watan harmanynyň barha beýgelmegi üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmekleri we ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, daýhanlaryň mineral dökünler, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi, şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi kärendeçileri uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň işine häzirki zamanyň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şunda ylmyň gazananlarynyň çuňňur özleşdirilmegine, pudaga degişli ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň hilinde we möhletinde öz beýanyny tapýar. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri döretmekde ähmiýetli hasaplanylýar. Munuň özi häzirki zaman ylmynyň pudagyň önümçiligine has giňden ornaşdyrylmagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmakda obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerine möhüm orun degişlidir. Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramaga we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge mümkinçilik döredýär. Şunda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.
Şu ýyl galla oragy möwsüminiň ýokary depginlerde alnyp barylmagy pudaklaýyn düzümiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň 1 million tonnadan gowrak hasyly Watan harmanyna tabşyryp, belent sepgidi eýelemegine welaýatlaryň zähmetsöýer daýhanlarynyň mynasyp goşandynyň bolandygyny aýtmak ýakymly. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we degişli talaplara laýyklykda saklanylmagyna berilýän ähmiýetiň örän uludygyny aýdyň görkezýär.
Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýlelikde, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge höwesini artdyrýar.
Şeýle hem galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi.
Täze hasylyň dänesi ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara getirilýär. Gazanylan üstünligi berkitmek üçin ekin meýdanlaryndaky işleriň depginini çaltlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine we has belent sepgitleri eýelejekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.