Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
Jemgyýet
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
Çap edildi 19.06.2026
1121

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň din wekilleri we ýaşulular bilen bilelikde gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowar geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan beýik işleriň ýagşy dessurlar bilen utgaşykly dowam etdirilýändiginiň, asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýle-de Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa din işgärleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda häzirki döwürde Gahryman hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigi bellenildi. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän döwlet syýasaty halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirip, türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Şunda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlar jemgyýetiň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda musulman dünýäsine mahsus ýörelgeleriň rowaçlanmagy, isleg bildirýän ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalar geňeşiniň ýygnagynyň kararyna laýyklykda, Ý.Hojagulyýew Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň müftüsi wezipesine müdiriýetiň Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesinde işlän R.Gurbanmyradow bellenildi. Ahal welaýat müdirliginiň başlygy — welaýatyň baş ymamy wezipesine bolsa Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — paýtagtymyzyň baş ymamy wezipesinde işlän W.Işangulyýew, Aşgabat şäher müdirliginiň başlygy — şäheriň baş ymamy wezipesine Aşgabat şäherindäki Ärtogrul Gazy metjidiniň baş ymamy G.Agaýew bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer ýörelgeler Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik tutumlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Şunda metjit gurmagyň aýratyn sogaplydygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, juma namazyna ýygnanan ýaşulularyň maslahatynda Milli Liderimiziň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde gurulýan nurana metjidi “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň täze şäheriň döwrebap derejede gurulmagy ugrunda edýän tagallasynyň we halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň nazara alynmagydyr. Maslahata gatnaşan ýaşulularyň hemmesi teklibi oňlap, Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagynyň ýerine düşen çözgüt boljakdygyny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar din işlerini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri parasatly ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow