Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 12.06.2026
1321

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünligi we belent sepgitleri ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýar. Şoňa görä-de, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň taryhy wakalar bilen dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini uly üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Ylym we tehnologiýalar her bir ýurduň geljegini hem-de ählumumy ösüşiň depginini kesgitleýän baş ölçeg bolup durýar. Şonuň üçin hem biz Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmäge we kämilleşdirmäge, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda toplanan tejribelerden ugur alyp, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyranymyzda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döredenimizde, sebit ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirenimizde, ilkinji nobatda, berk ylmy binýada, jemgyýetimiziň ýokary intellektual kuwwatyna hem-de täze, döwrebap mümkinçiliklerimize daýanýarys.

Biz milli ykdysadyýetimiziň innowasion we bäsdeşlige ukyply geljegi üçin ylmyň, tehnologiýalaryň, önümçiligiň hem-de pudaklaryň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we onuň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän düýpli, amaly, nazary, gözleg ylmy barlaglarynyň netijelerini, täze işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga, ekologik taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümlerini — zawod-fabrikleri döretmäge, ajaýyp şäherleri, obalary gurmaga gönükdirip, abadan we bagtyýar durmuşy üpjün edýäris.

Biz ýurdumyzda adam maýasyny ösdürmäge aýratyn orun bermek arkaly häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlary ele alan ýokary derejeli inženerleri, tehnologlary, alymlary taýýarlamak ugrunda hem giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris. Hünär derejelerini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin alymlarymyzy daşary ýurtlaryň öňdebaryjy merkezlerine iş saparlaryna ugradýarys. Olaryň halkara ylmy-barlag maksatnamalaryna gatnaşmaklaryna ýardam edýäris.

Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň innowasiýalar we ösüşler ýoly bilen bedew batly öňe gitmegini kepillendirýär.

Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek bilen birlikde, dünýäniň ylmy giňişliginde tutýan ornuny berkitmek hem biziň esasy maksadymyzdyr. Biz döwletimiziň ylym ulgamynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa, Amerika döwletleriniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar, gaznalar we assosiasiýalar bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagy biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasynyň barha artýandygyna hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýramyň şanyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, dünýäniň umumy ösüşine hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ylmy-döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
12.08
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
12.08
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Ulag-kommunikasiýa toplumynyň mümkinçiliklerini artdyryp
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
top-arrow