Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Çap edildi 04.06.2026
1287

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi alyp barmagyň has oňaýly guramaçylyk-hukuk guraly döredildi. Myhmanlar öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini, Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparlarynyň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlandygy aýratyn nygtaldy.

Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan guralýan yzygiderli işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi bellenildi. Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmek üçinem uly mümkinçilikler bar. Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Iki ýurduň işewürleri hereket edýän düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ozal hereket edýän platformalaryň üstüni ýetirmek bilen, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow