Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi nepisligi, gözelligi, owadan nagyşlarydyr gölleri bilen dünýäni haýrana goýýan milli senedimiz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Gahryman Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, halyçylyk sungatymyz hem döwrebap derejede ösdürilip, ajaýyp türkmen halylarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. «Haly — halkyň kalby», «Bir okana bar, bir-de dokana» diýen parasatly jümleleri döreden halkymyz halylary öz durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüp, tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşupdyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň sazlaşygy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk halylar türkmen zenanlarynyň irginsiz yhlasyny, halkymyzyň ruhy ahwalyny, şöhratly geçmişini, şu günki ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän aýnadyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň tagallalaryňyz bilen türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler gadymy halylaryň asyl nusgalaryny aýawly saklamakda, arşyň nepisligi saýylýan bu gymmatlygyň at-owazasyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, kämilligiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär.
Häzirki döwürde ajaýyp sungata öwrülen türkmen halylaryny giňden wagyz etmek, onuň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzda bu pudagyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Siziň Permanyňyza laýyklykda, Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin tapawutlanan halyçylara döwlet sylaglarynyň berilmegi, hormatly atlaryň dakylmagy bu işiň ussatlary hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň netijesidir. Bagtyýar döwrümiziň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi bolsa ezber elli zenanlarymyzyň müdimi senedini geljek nesillere ýetirmek ýaly asylly maksady nazarlaýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Haly türkmeniň köňül nagşy we milli buýsanjydyr. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, şu günlerimize ýetiripdirler. Häzirki wagtda türkmen sährasynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini elwan öwüşginli nagyşlaryň üsti bilen beýan edýän halylarymyz tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gymmatlygymyzyň ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmen halylarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda ýurdumyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir.
Häzirki döwürde halyçylyk sungatynda milli mirasyň baý däpleri we kämil tehnologiýalar utgaşdyrylyp, onuň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly hem-de haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň we aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Sizi törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzda mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, eziz Diýarymyzda çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.