Hormatly Ýaşulular geňeşiniň agzalary!
Ilki bilen, sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gurban baýramy günlerinde okaljak aýat-töwirler, ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Hormatly Ýaşulular geňeşiniň agzalary!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alyp, ähli tagallalarymyzy, gujur-gaýratymyzy, döredijilikli başlangyçlarymyzy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirdik. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrmaga, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Biz bu ugurda Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde geňeşçi-maslahat beriji topar bolup durýar.
Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wagyz-nesihat etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Ýaşulular geňeşiniň agzalary!
Mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işlerde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň aýratyn ähmiýetli orny bar diýip hasap edýärin.
Hormatly ýaşulular!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleri amala aşyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşulularymyzyň maslahatlaryna uly ähmiýet berýäris. Siziň her bir maşgalada asudalygy, agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňiz, maslahatlaryňyz, goldawlaryňyz, öwüt-ündewleriňiz örän möhümdir.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagajyklarymyzy goldamak, saglygyny dikeltmek, olaryň hemaýata mätäçlerine saglygy goraýyş, durmuş maksatly kömekleriň berilmegini gazandyk. Müňlerçe çaganyň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleri döretdik.
Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler bolsa döwlet tarapyndan halkymyzyň, çagalaryň geljegi, saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň aýdyň mysalydyr.
Sahawat ýoly türkmeniň ýoludyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirmegi maksat edinýäris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn şert döretmek, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginlerde dowam etdireris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu gün biz Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe wezipelere seredip geçdik. Men siziň her biriňiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn. Şunuň bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işini tamamlaýar. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.