Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 27.05.2026
821

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Döwlet syýasatynda jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmaga, ony gorap saklamaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde milli baýramlarymyzyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşan däp-dessurlarymyzyň aýawly saklanylmagyna, nesilleriň watançylyk, ýokary ahlaklylyk, gadymy mirasymyza buýsanç duýgusynda terbiýelenilmegine ýardam edýär.

Mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär. Berkarar Watanymyzyň çar künjeginde — welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baý mazmunly aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Üç günüň dowamynda her bir maşgalada bereketli desterhanlar ýazylyp, dürli naz-nygmatlar taýýarlanylýar. Siziň alyp barýan beýik işleriňiziň rowaçlyga beslenmegi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegi üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy doga-dilegler edilýär. Ýaşlar belent hiňňildiklerde uçmak bilen, bu gadymy dessuryň häzirki döwürde-de dowam etdirilýändigini görkezýärler. Bularyň ählisi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyna, halkyň taryhy tejribesiniň çuňňurlygyna hem-de gymmatlygyna düşünmäge, ene toprak, tutuş dünýä bilen bir bitewüligi duýmaga ýardam berýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siz beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda hem Gurban baýramyny bellemek bilen bagly Permana gol çekip, bu mukaddes dessuryň giňden dabaralandyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek subut etdiňiz. Dünýä halklarynyň köpüsinde gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän gurbanlyk etmek ýörgünli däpleriň biri bolmagynda galýar. Bu ajaýyp baýrama mahsus dessurlar adamlary birek-birege ýakynlaşdyryp, halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.

Siziň: «Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr» diýen sözleriňizden ugur alnyp, ýurdumyzda Gurban baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzyň göwnüni galkyndyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, hormatly Prezidentimiz, Size bolan söýgüsini, buýsanjyny hem-de nurana geljege ynamyny has-da artdyrýar. Baýramçylyk dabaralary, berilýän gurbanlyk sadakalary, edilýän ýagşydan-ýagşy doga-dilegler jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Gahryman Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parasatly baştutanlygyňyzda halkymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, päk wyždanlylyk ýaly ýol-ýörelgelerini has-da ilerletmek maksady bilen, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, namaz okamaklary, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Siziň Buýrugyňyz bilen, Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat toparyň mukaddes Mekge-Medinä zyýarata iberilmegi hem ynanç-ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer gymmatlyklaryň baýlaşmagynda we kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, Gurban baýramy günlerinde Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygyny, külli adamzadyň parahat durmuşyny arzuwlap ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow