Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
Medeniýet
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
Çap edildi 18.05.2026
21

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly dabara göwünleri galkyndyrýan ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapyp, munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy açylyp görkezildi.

Ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugumyzyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar örän täsirli beýan edildi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy we belentde parlaýan baýdagymyz şöhratly geçmişimiziň, häzirki bagtyýar döwrümiziň, ýagty geljegimiziň binýady bolup, agzybirligimizi, buýsanjymyzy, mertebämizi görkezýän milli gymmatlyklardyr.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklere daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýeti gurulýar, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Konsertde şeýle mazmuny özünde jemleýän aýdym-sazly hem-de tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.

Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olarda türkmen halkynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, Konstitusiýamyza we ýaşyl tugumyza bolan buýsanjy, bagtyýarlyk duýgusy aýdyň şöhlelendi. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, mähriban topragymyzyň gözelligi wasp edildi.

Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara-da orun berildi. Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertiň dowamynda çykyş eden sungat ussatlarymyzyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu eserde berkarar Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belent heňde wasp edildi.

Soňky habarlar
18.05
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
18.05
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
18.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
18.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
16.05
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
15.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
15.05
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
top-arrow