Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzda hususyýetçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Türkmenistany senagatlaşdyrmakda, iri taslamalary amala aşyrmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Hususyýetçilere berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde Türkmenistan kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan depginli ösýän döwlete öwrülýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredildi. Şolaryň hatarynda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini görkezmek bolar. Döredilýän şeýle amatly şertlerden netijeli peýdalanýan telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine şu gezekki serginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Türkmenistan häzirki döwürde ýokary hilli önümleri öndürmek, bäsdeşlige ukyply hyzmatlary hödürlemek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşany dünýäniň söwda giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan möhüm guraldyr. Bu nyşan diňe bir harydyň gelip çykan ýerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hiliň, milli önüm öndürijileriň ygtybarlylygynyň hakyky görkezijisine hem öwrüldi. Bu başlangyjyň öz wagtynda oýlanyşykly öňe sürlendigi ýetilen strategik sepgitler arkaly subut edildi. Şol üstünlikler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümlerine-de degişlidir.

...Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada döwlet Baştutanymyzyň sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýolunyň uly ösüşlere beslenýändigini nygtaýar. Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugruň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçiler möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolsa dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra myhmanlar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň hususy pudagynyň döwrebap tehnologiýalary, dolandyrmagyň innowasion usullaryny üstünlikli özleşdirýän kuwwatly dörediji güýje öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.
Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, döredilýän şertleriň netijesinde olaryň hususy başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergide görkezilýän dürli görnüşli önümleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli ugra ýöriteleşen hususy kärhanalar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşyp, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Sergide daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar esasy orny eýeleýär. Myhmanlar durmuş-ykdysady syýasatyň esasyny düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň dabaralanýandygynyň şaýady bolýarlar. Gurluşyk senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut” ýaly kärhanalar şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýarlar. Diwarlyklarda görkezilýän ýokary hilli bezeg serişdeleri, asma petikler, polimer turbalar hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň işewürleriniň tehnologik taýdan kämilleşýändigini tassyklaýar.
Telekeçileriň sanly ykdysadyýeti ösdürmäge goşýan goşandyna bagyşlanan ekspozisiýalar aýratyn ünsi çekýär. “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti telewizorlaryň, kompýuterleriň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki elektron tehnikalaryň täze nusgalary bilen tanyşdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Oba hojalyk pudagyna bagyşlanan bölümler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. “Nurly meýdan”, “Sahabatly” ýaly iri kärhanalar guşçulyk we maldarçylyk önümleri bilen tanyşdyrýarlar. Bu gün olar içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlara hem ynamly çykýarlar. Süýji-köke önümlerini öndürijileriň diwarlyklary önümleriň dürli görnüşleri bilen gözüňi dokundyrýar. Şolaryň hatarynda “Hasar”, “Misgär” ýaly kärhanalaryň diwarlyklary aýratyn tapawutlanýar. Azyk önümleriniň önümçiliginde halkara howpsuzlyk standartlarynyň ulanylmagy türkmen telekeçilerine dünýä belli haryt nyşanlary bilen üstünlikli bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.
Himiýa senagatynda işleýän hususy telekeçiler öý-hojalyk we ýöriteleşdirilen himiýa serişdeleriniň önümçiliginde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar. Oba hojalykçylar üçin ýerli çig maldan öndürilýän suwuk organomineral dökünler, gumin serişdeleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklar sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Mebel we öý-hojalyk harytlaryna bagyşlanan bölümlerde degişli kärhanalar milli däpleri nazara alyp, öňdebaryjy dizaýnerçilik çözgütleri bilen tanyşdyrýarlar. Hünärmenleriň ýokary ussatlygy, ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bu önümleri geçginli haryda öwürýär. Ýeňil senagata bagyşlanan bölümlerde milli nagyşlary häzirki zaman dünýä meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan egin-eşikler, dokma önümleri tanyşdyrylýar. Hususy tikinçilik kärhanalary milli haryt nyşanly önümleriň önümçiligini üstünlikli özleşdirýärler.

Lukmançylyk senagatynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýan bölümde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Diwarlyklarda lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligine ýöriteleşen kärhanalaryň önümleri görkezilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamyny ýokary hilli serişdeler bilen üpjün etmekde hususy başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açar. Munuň özi döwletimiziň innowasion senagat zolaklaryny halkymyzyň saglygynyň bähbidine ulanmaga toplumlaýyn çemeleşýändiginiň güwäsine öwrüler.
Sergide ulag-logistika pudagynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyrylýar. “Hazar logistik”, “Ulagly” ýaly kompaniýalar üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýärler. Hususy ýük daşaýjylaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän wajyp üstaşyr ulag merkez hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýär. Söwda we durmuş hyzmatlaryna bagyşlanan bölümlerde halkara standartlar boýunça işleýän supermarketler öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Elektron töleg ulgamlarynyň, sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy innowasiýalaryň adamlaryň gündelik durmuşyna giňden ornaşýandygyny tassyklaýar.

Serginiň aýratyn bölümi amaly-haşam sungatynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanypdyr. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler pederlerimiziň bize goýan mirasyny aýawly saklaýarlar. Nepis haly önümleri, şaý-sepler şöhratly geçmişimiz bilen beýik geljegimiziň arasynda köpri bolup, myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Ekspozisiýa hususy pudagyň sport senagatyny ösdürmäge goşýan goşandyny hem doly açyp görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän sport egin-eşikleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Neşirýat we çaphana işine bagyşlanan bölümlerde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän çaphana önümleri görkezilýär. Ýerli çaphanaçylaryň döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri bu ýokary tehnologiýaly pudagyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Käbir hususy kompaniýalar energiýa tygşytlaýjy we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýarlar. Munuň özi türkmen işewürliginiň “ýaşyl” ösüş ýörelgelerine, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmaga ygrarlydyklaryny görkezýär.

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanlar gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini, öz diwarlyklary bilen tanyşdyrýan işgärleriň ýokary hünär derejesini belleýärler. Her bir ekspozisiýa öz ykbalyny telekeçiligi ösdürmek bilen baglan adamlaryň tutanýerli zähmetiniň we zehininiň netijesidir. Şu gezekki sergi döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasatynyň we hususy başlangyçlara berýän hemmetaraplaýyn goldawynyň aýdyň netijesidir. Diýarymyzda döredilen amatly hukuk we maliýe şertleri telekeçilere dürli taslamalary durmuşa geçirmäge, geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.
Bu gözden geçiriliş täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak we uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Bu ýerde döreýän pikirler ertirki gün döwrebap önümçiliklerde öz beýanyny tapyp, müňlerçe iş ornuny döretmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sergide görkezilýän her bir eksponatda giň möçberli özgertmeleriň ruhy aýdyň duýulýar. Telekeçiler öz zähmeti bilen öňde goýlan durmuş-ykdysady wezipeleri amal etmekde mundan beýläk-de döwletimiziň ygtybarly daýanjy bolmaga taýýardyklaryny subut edýärler.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi milli işewürligiň üstünlikleri bilen tanyşmak isleýän paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bir ýere jemläp, öz işini dowam edýär.
Gözden geçirilişiň çäklerinde 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.