Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ahalteke bedewi — Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany
Teswirlemeler
Ahalteke bedewi — Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany
Çap edildi 05.03.2026
32

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda nobatdaky möhüm sahypany açdy. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan asylly däbine laýyklykda, ýurdumyzda her ýyl belli bir şygar bilen atlandyrylyp, onda halkymyzyň baý milli mirasyna ygrarlylygy, täze taryhy döwürde Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň mynasyp dowamy bolan giň gerimli özgertmeler we maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda degişli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu ýyl paýtagtymyzda, welaýatlarda durmuş we beýleki maksatly binalary — ýaşaýyş jaýlaryny, umumybilim hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny, söwda merkezlerini gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy ulanmaga berler. Açylmagy meýilleşdirilýän köp sanly desgalaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem bar.

Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, şol etrapda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler. Bu giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmegiň we öňde goýlan wezipeleri çözmegiň esasy maksady Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy derejede ynanyşykly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin umumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşmak maksady bilen geçiriljek halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlyklygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly çäreler bar.

Türkmenistan bu wajyp wezipeleri ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärçilik bilen çemeleşýär, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmegi, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutýan ugurlar hökmünde kesgitleýär. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine, sebitde we halkara derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýylyň şygary bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Owadanlygy, syrdamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri milli hem-de dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Taryhy maglumatlara görä, 5 müň ýyllyk taryhy bolan meşhur bedewlerimiziň nesil ugry öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ir döwürden bäri seýislerimiz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we kämillik derejesine ýetirilen ahalteke bedewleri dünýäde beýleki meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, dosty bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhunyň nyşanyna öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri Ýer ýüzi behişdi bedewlere, olaryň kämil keşbine we özboluşly häsiýetlerine haýran galýar. Şu ýylda meýilleşdirilen dürli çäreler ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga, milli atçylyk sungatyny halkara derejede wagyz etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ahalteke atlaryna uly hormat goýýan we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirip, bu pudakda alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň yhlasly, tutanýerli işleri esasynda halkymyzyň arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleri gaýtadan dikeldilýär, goralyp saklanylýar hem-de ösdürilýär. At üstündäki milli oýunlaryň giňden wagyz edilmegine we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine, at çapmak ussatlygynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlary barada jikme-jik ylmy seljermä, giňişleýin taryhy we häzirki zaman maglumatlaryna esaslanýan ajaýyp kitaplaryň awtorydyr. Dürli dillere terjime edilen we türkmenistanlylaryň arasynda giňden meşhur bolan bu eserler bedewlere uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly okyjylar, hünärmenler, alymlar üçin hem elýeterli boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz eserlerinde ýelden ýyndam bedewler barada maglumatlaryň gadymy alymlaryň, ýazyjylardyr şahyrlaryň işlerinde gabat gelýändigini belleýär. Atlaryň ilkinji bolup türkmen topragynda eldekileşdirilendigine we olaryň nesliniň kämilleşdirilendigine Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we beýleki taryhy künjeklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylar şaýatlyk edýär.

2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara täze itergi berdi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär hem-de bu özboluşly tohumyň naýbaşy wekilleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Baýramçylyklaryň aýrylmaz bölegi bolan at çapyşyklaryny geçirmek üçin paýtagtymyzda, welaýatlarda döwrebap atçylyk toplumlary guruldy, ugurdaş infrastruktura döredildi. Sportuň Olimpiýa görnüşi bolan konkury ösdürmäge täze itergi berildi. Bu sport görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek.

Türkmenistanda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Pudagyň hünärmenleriniň öndürijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler, olaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, degişli hormatly atlar döredildi. Hormatly Prezidentimiz atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlerdir alymlaryň öňünde döwrebap usullary we tehnologiýalary ulanyp, seçgiçilik-tohumçylyk işleriniň ylmy binýadyny giňeltmek, halkara hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipelerini goýdy. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak meselesine uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine uly orun degişlidir. «Akylly» şäherde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki-de ýerleşýär. Bu bolsa Arkadag şäheriniň atçylyk we degişli ylymlar, atçylyk sporty, sirk sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlyk üçin merkez hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

Pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini nygtamak gerek. 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda bu ýokary okuw mekdebinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Asyrlaryň dowamynda türkmen atşynaslarydyr seýisleri ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklap, olaryň iň gowy häsiýetlerini hem-de genofondyny kämilleşdirip gelýärler. Behişdi bedewler bilen işlemek aýratyn ussatlygy, ukyp-başarnygy talap edýär. Ahalteke atlary seýsine we çapyksuwaryna diňe doly ynanan ýagdaýynda garşylyksyz gulak asýarlar. Elbetde, şunda atlara dogry tälim bermek esasy şert bolup durýar. Ahalteke atlary ýokary derejede ösen aň-düşünjä eýe bolup, seýsine we çapyksuwaryna mylakatlylyk görkezýärler. Gözbaşy asyrlara uzaýan seýisçiligiň, atlary ýetişdirmegiň, çapyksuwarlygyň özboluşly milli mekdebiniň daşary ýurtly hünärmenleriň ünsüni özüne çekmegi tötänden däldir. Ussat seýisleriň, atşynaslaryň yhlasly zähmeti esasynda at bilen çapyksuwaryň arasynda özara düşünişme we ynam kemala gelýär. Bu bolsa atçylyk ýaryşlarynda üstünligiň kepilidir.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy işlenip düzüldi. Bu çäreler teleýaýlymlarda ýörite gepleşikleri, foto we wideo maglumatlary, döwürleýin metbugat üçin makalalary taýýarlamagy, Aşgabat şäherindäki, welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegi öz içine alýar. Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, ugurdaş sergiler, döredijilik bäsleşigi geçiriler. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler sungatyň dürli görnüşleri üçin hemişe ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Şeýle hem ýaş we uly ýaşly türgenleriň arasynda konkur boýunça halkara ýaryş, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, çapyksuwarlaryň görkezme çykyşlary, atlaryň gözellik bäsleşigi we başga-da köp sanly çäreler guralar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şowhunly çykyşlary 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli guraljak dabaralara aýratyn öwüşgin çaýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem meşhur bolan bu topar abraýly halkara baýraklaryň, şol sanda her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynyň baş baýragynyň eýesidir. «Galkynyş» topary öz ajaýyp çykyşlary bilen türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz edýär. Şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna bu meşhur toparyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary ýurdumyzyň adyndan hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Onuň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. «Galkynyşyň» ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmakda gazanan bu täze üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň özboluşly mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen giň gerimli tagallalarynyň netijesidir. Bu möhüm waka mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinde baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Fewral aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary bilen atlandyrylan saparlary guraldy. Olar öz ussatlyklaryny görkezip, ajaýyp çykyşlary bilen watandaşlarymyzy begendirdiler. Toparyň agzalary welaýatlarda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalarynda üstünlikli çykyş etdiler.

Şu ýyl köp sanly möhüm wakalara baý bolar. Şolaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat, soňky 10 ýylyň dowamynda gözellik bäsleşiklerinde çempion bolan naýbaşy bedewleriň gatnaşdyrylmagynda guraljak «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi bar. Şeýle-de ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi türkmen seýisleriniň we seçgiçileriniň deňsiz-taýsyz zehininiň uly ykrarnama eýediginiň, milli atçylyk sungatynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan ahalteke atlaryna atlanan 35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul — Hazar» atly ýörişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň gözel künjeklerine atly syýahatlar guralar. Mundan başga-da, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda dünýäniň iň abraýly atly sport ýaryşlarynyň biri bolan «Dubai World Cup 2026» atçylyk bäsleşigi (Dubaý, BAE); meşhur «Royal Windsor Horse Show 2026» atçylyk çäreleri (Windzor, Beýik Britaniýa); Halkara atçylyk sporty federasiýasy tarapyndan geçirilýän «FEI World Championship 2026» çempionaty (Aahen, Germaniýa); ýaş türgenleriň arasynda «FEI Jumping Nations Cup Youth» konkur bäsleşigi (Niderlandlar Patyşalygy); dünýä belli «Prix de l’Arc de Triomphe Longchamp» bäsleşigi (Pariž, Fransiýa), meşhur «Fieracavalli 2026» atçylyk festiwaly (Werona, Italiýa), Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guraljak atçylyk ýaryşlary bar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlara saparlary hem meýilleşdirilýär. 4-nji martda bu topar Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurda saparynyň çäklerinde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Hytaýda «Galkynyş» toparynyň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulandyr. Türkmen atlylarynyň çapyp barýan atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly akrobatik hereketleri, özüne çekiji çykyşlary, behişdi bedewleriň gözelligi we ajaýyplygy dostlukly ýurtlardaky tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ahalteke atlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere, gözellik sergilerine gatnaşdyrylmagy hem göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda Özbegistanda geçiriljek «Gündogaryň merjeni» atly sport bäsleşikleri, Wengriýada boljak «Kurultaý» atly halkara baýramçylyk çäreleri, Niderlandlarda guraljak ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi bar.

Şeýlelikde, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreler hem-de onuň döwürleriň we nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny görkezýän nyşany Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan döredijilik ýolunda täze sepgitlere bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär. Olarda ýurdumyzyň döwletlerdir halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, ynamy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşýan medeni we sport diplomatiýasyny ilerletmek arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy öz beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
05.03
Ahalteke bedewi — Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany
04.03
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03
Şanly senäniň hormatyna
04.03
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.03
2026-njy ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
03.03
Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
top-arrow