Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 14.02.2026
39

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar hem-de desgalar toplumy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna ak pata berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri üçin harby hünärmenleri taýýarlamak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hakynda hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, hasabatda Balkan welaýatynyň Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, asudalygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanunylygy has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramak, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kazylaryň bilim derejesini kämilleşdirmek boýunça okuwlary yzygiderli geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, N.Atagaraýewi, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä D.Meredowy belledi. D.Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bu düzümiň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, hususan-da, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda gullugyň düzüminde täze serhet galasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de onuň çäklerini pugta goramak maksady bilen alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugyň kadalaryna doly laýyk getirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň işgärleri üçin niýetlenen 4 gatly, 24 öýli gulluk ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gümrük barlag nokatlaryndan geçirilýän harytlaryň gözden geçirilişini ýokary hilli guramak babatda gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatda yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.M.ATAGARAÝEW hakynda
14.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.G.MEREDOW hakynda
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow