Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
Çap edildi 03.02.2026
35

2025-nji ýyl berkarar Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazyldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezen wakalar hem-de ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ugurlarda ýetilen sepgitler bilen taryha girdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: “Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar” diýip nygtady. Şeýle hem keselleri irki döwürden anyklamakdan we öz wagtynda bejermekden başlap, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketini işjeňleşdirmäge çenli biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de rejelenen görnüşde täzeden kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar.

2025-nji ýylyň milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly strategiýanyň özboluşly başlangyjyna öwrülen bu möhüm maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenendigini bellemek gerek. Şanly sene mynasybetli iýul aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» atly ylmy-amaly maslahatyň gün tertibinde degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Ýubileý senäniň wajyp ähmiýete eýedigini görkezýän şeýle maslahatlar, ugurdaş çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda maksatnamanyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş babatda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tekliplerine laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler guruldy. Olara abraýly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy diňe bir ulgamyň işgärlerinde däl, eýsem, ähli türkmenistanlylarda ruhubelentlik we buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi «Rat für Formgebung German Design Council» tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirer. Gahryman Arkadagymyz bu ýöriteleşdirilen desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen yzygiderli tanşyp, olaryň gurluşygy, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça gymmatly maslahatlaryny berýär. Olarda oturdylýan lukmançylyk enjamlarynyň birnäçesiniň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek.

Öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy, olarda bejerişiň iň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, näsaglara dünýä tejribesine daýanýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň hödürlenilmegi ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe çykarýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk, ylmy-kliniki merkezlerine iş tejribeligine yzygiderli ugradylýar. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlardyr okuwlar saglygy goraýyş işgärlerine keselleri anyklamakda, bejermekde hem-de öňüni almakda daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga, bilimlerini artdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki döwür ýokary tehnologiýalaryň asyrydyr. Şoňa görä, Türkmenistanda tehnologiýalaryň çalt depginde döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy wajyp wezipeleriň biri hasaplanýar. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýän “akylly” şäherde ýaýbaňlandyrylýan işler ilatyň saglygyny goramak babatda gazanylan üstünlikleriň hem beýany bolup durýar. Onuň döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň bardygyny nygtamak gerek. Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ilatyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, 2025-nji ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyz Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. “Akylly” şäherde mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwletimiz olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-enesinden jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlar baradaky aladany baş maksat edinýän uly işleri amala aşyrýar. Onuň ştab-kwartirasy Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär. Esaslandyrylan wagtyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga möhüm lukmançylyk operasiýalary geçirildi, saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy.

Geçen ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gaznanyň şahamçasynyň açylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Onuň açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň belleýşi ýaly, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky alada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanylýar. Gaznanyň täze şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny bermek, medeni çäreleri guramak boýunça utgaşdyryjy merkeziň hyzmatyny ýerine ýetirer. Hazar deňziniň arassa, jana şypaly howasy, sagaldyş merkezleri çagalaryň diňe bir saglygyny dikeltmegi üçin däl, eýsem, kadaly dynç almaklary üçin hem amatly şertleri döredýär.

“Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek boýunça uly işler geçirilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň sebitlerinde daşary ýurt döwletleriniň iri önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan, ýylyň ähli paslynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş merkezleriniň uly toplumy hereket edýär. Ýurdumyzda täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan şypahanalarda peýdalanylýan döwrebap sagaldyş usullary, dynç almak we saglygy bejertmek üçin döredilen amatly şertler saglygy dikeltmäge, ýadawlygy aradan aýyrmaga ýardam edip, adamlaryň şähdini açýar hem-de gurplandyrýar.

Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň giň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Bu düzümler bilen bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ýola goýmak esasynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Munuň netijesinde, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň güwäsidir. Sanly ulgam arkaly guralýan foruma GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk hünärmenleriň, alymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülip, häzirki zaman lukmançylygynyň birnäçe ugurlarynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işgärleriň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berýär. 2025-nji ýylda geçirilen XII Türkmen-german forumy Bütindünýä saglyk gününe gabat geldi. Onuň maksatnamasy özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe wajyp ugurlary öz içine aldy.

Halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi geljegi uly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä hem-de ylmy maslahata aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda, saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli sergä gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylyň-ýylyna has-da artýar. Munuň özi tejribe alyşmaga, täze işewürlik başlangyçlaryny, özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki taslamalary ilerletmäge şert döredýär. Geçen ýylda guralan serginiň çäklerinde lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu neşirler diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetinde däl, giň okyjylar köpçüliginiň arasynda hem uly meşhurlyga eýe boldy.

Sergi bilen ugurdaşlykda ylmy maslahat, Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty we beýleki çäreler geçirildi. Daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazananlaryna ýokary baha berdiler. Bu üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp, 10-njy oktýabrda paýtagtymyzda we Mary welaýatynda täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş, şeýle-de döwrebap lukmançylyk edaralarynyň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Aşgabat şäherindäki 500 orunlyk, Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 300 orunlyk köpugurly hassahanalar, Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezindäki 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi şolaryň hataryndadyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça işler hem işjeň dowam etdirildi. Sport düzümi bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynda möhüm şert bolup durýar. Onuň düzümine döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalary, tennis meýdançalary girýär. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň döredilmeginiň, sport meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagynyň gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlaryna bildirilýän wajyp talap bolup durýandygy bellärliklidir. Munuň özi ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändiginiň beýanydyr.

Her ýyl Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler sportuň bu görnüşini giňden wagyz etmäge, jemgyýetiň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman sport düzümlerini döretmegiň çäklerinde welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri, beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sport bilen yzygiderli meşgullanyp, watandaşlarymyza görelde bolýarlar. Türkmen ýaşlarynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny tassyklamak bilen, milli sportumyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi sport ulgamyndaky özgertmeleriň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejä çykarmaga şert döretdi. 2017-nji ýylda hut şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Şeýlelikde, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, Olimpiýa hereketiniň ilerledilmegine uly goşant goşýar. Dürli ugurlarda durmuşa geçirilen köpugurly işleriň netijesinde paýtagtymyz ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleri özünde jemleýän, dünýäde sport hereketiniň okgunly ösýän merkezi hökmünde ýokary abraýa eýe boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe iri ýaryşlar, şol sanda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi, hokkeý boýunça halkara ýaryş we beýlekiler guraldy.

2025-nji ýylda Watanymyzyň sport üstünlikleriniň sanawy has-da baýlaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna mynasyp boldy. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem giňden tanalýan bu toparyň ýeňşi diňe bir iri sport üstünligi we çapyksuwarlarymyzyň ýokary ussatlygynyň ählumumy ykrarnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna uly hormatyň hem nyşanydyr. Mert ýigitleriň wepaly dosty bolan ahalteke bedewlerine bolan garaýyş şol däpleriň bir bölegidir. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi nesilleriň we döwürleriň arasyndaky synmaz arabaglanyşygy alamatlandyryp, bu aýdylanlaryň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

2025-nji ýylyň aprelinde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş uly üstünliklere beslendi. Ýewropa, Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda guralan ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri 28 medala mynasyp boldular.

Häzirki wagtda Halkara futbol federasiýasy (FIFA), Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) bilen futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda “Arkadag” futbol toparynyň döredilmegi möhüm waka boldy. Topar 2023 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempionatlarynda, ýurdumyzyň Kubogy we Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunlarda uly üstünlikleri gazandy. Maý aýynda «Arkadag» futbol topary uly ýeňiş gazanyp, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Her bir türkmenistanlynyň kalbyndaky buýsanjy goşalandyran bu ajaýyp sport üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak boýunça tagallalarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Iýun aýynda Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryş sport ulgamynda ýurdumyzyň geçen ýyldaky ýyl ýazgysynda wajyp wakalaryň biri boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10, 12 ýaşly türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Ýaş nesillerimiz sportuň diňe bir işjeň däl, eýsem, aň-paýhas görnüşlerini, şol sanda küşti hem uly höwes bilen üstünlikli özleşdirýärler. Paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen, 350 okuwça niýetlenen, 500-e golaý oýun ýeri bolan Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi gadymy döwürden bäri halkymyzda uly meşhurlyga eýe bolan bu özüne çekiji sport görnüşiniň ösüşine täze itergi berdi. Diňe bir okuw-türgenleşik işini netijeli geçirmek üçin däl, eýsem, islendik derejedäki ýaryşlary guramak üçin hem ähli şertler döredilen bu mekdep üç günläp dowam eden küşt ýaryşynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Geçirilen oýunlaryň netijesinde, ýaş zehinlerimiz ýokary ussatlygyny görkezdiler. Rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeläp, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Watanymyzyň dünýädäki abraýyny ýokarlandyrmaga goşant goşýan ýaş zehinleri döwlet derejesinde sarpalamak asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz halkara sport ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilimli, sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek meselelerine berýän aýratyn üns-aladalarynyň oňyn netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlara ýetmekde, öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara kesgitleýji orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryny halkara olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere, olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan bu syn arkaly hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň netijeli häsiýete eýedigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň esasy binýady hökmünde adamyň saglygy, abadan durmuşy, rowaçlygy baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň baş ugrudyr.

Soňky habarlar
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
30.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.01
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
top-arrow