Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.01.2026
27

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar — Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiz, Sizi hem-de ata Watanymyzyň bagtyýar halkyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda zähmet üstünlikleri bilen garşylanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özeninde halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza goýýan belent sarpasy bardyr. Bu şygar biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr.

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Taryha ser salanymyzda, türkmen halky bedewleri özüniň iň ýakyn dosty, hemrasy, syrdaşy hasaplapdyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewine uly hormat goýýar. Halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Geçen ýylyň şanly wakalary hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka bolupdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, milli oýunlary bilen halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanýarlar.

Siziň tagallalaryňyz bilen türkmen bedewlerine aýratyn üns berlip, atçylyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri hem täze ösüşe eýe bolýar. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy halkymyzy çäksiz buýsandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri bedew badyna deňelýär. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň, beýik başlangyçlarynyň nyşany bolup dabaralanýar. Bularyň ählisi, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň berkarar döwletimizde uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Bedew bady bilen gülläp ösýän berkarar Watanymyza gelip gowşan hoş habar — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Sizi hem-de mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykmagyny arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
24.01
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
23.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.01
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
top-arrow