Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
Syýasy habarlar
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
Çap edildi 24.01.2026
1742

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy we saglygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda gysga wagtyň içinde ynsanperwer ýörelgeleri amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine üns berildi. Nygtalyşy ýaly, gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, durmuş goldawyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi giň halkara ykrarnama mynasypdyr. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde Ähtnamanyň bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine ünsi çekdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bu ugurda döwlet kepilliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna tagallalaryň birleşdirilmeginiň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmek işinde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýlelikde, bu duşuşyk adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplaýan Türkmenistanyň çagalaryň saglygynyň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine ynsanperwer taglymlara, halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Soňky habarlar
12.10
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
top-arrow