Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
Ykdysadyýet
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
Çap edildi 21.01.2026
21

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmaga mümkinçilik berýär.

BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen mehanizmdir. Bu platforma BMG-niň iki iri komissiýasynyň — Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň howandarlygynda ýedi ýurdy, şol sanda Azerbaýjany, Owganystany we Merkezi Aziýa ýurtlaryny birleşdirýär.

Türkmenistan onuň düzümine giren ilkinji ýyllaryndan bäri özüni işjeň gatnaşyjy hökmünde görkezýär. Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyz sebitde durnukly ösüşiň ulag, energetika we söwda ulgamlarynyň berk özara baglanyşyklydygyndan ugur alýar. Ulag ulgamy SPECA-nyň işinde aýratyn orny eýeleýär. Bu ugurda ýurdumyz Hazar deňzi sebitini Günorta Ýewropa, Pars aýlagy we Hytaý bilen birleşdirip, Merkezi Aziýany möhüm logistika köprüsine öwürýän multimodal ulag geçelgelerini döretmek konsepsiýasyny işjeň öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Bütindünýä durnukly ulag gününiň esaslandyrylmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň logiki dowamy boldy. Bu waka Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerindäki ulag diplomatiýasynyň dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan şertlerinde ählumumy durnuklylygy üpjün etmegiň guraly hökmünde ähmiýetini açyp görkezdi. Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-da başlyklyk etmegi özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyz maksatnamany institusional taýdan pugtalandyrmaga we onuň işini giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürdi.

Energetika ulgamy hem Türkmenistanyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyz energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarly mehanizmlerini döretmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, SPECA gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde söwda amallaryny sanlylaşdyrmak meselelerine uly üns berýär. Elektron gümrük we ulag ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy agza ýurtlaryň arasynda ýük gatnawlarynyň wagtyny hem-de çykdajylaryny azaltmaga, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ekologiýa gün tertibi-de möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan sebit taslamalarynda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini işjeň ornaşdyrýar. Aral deňzi sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak SPECA-nyň çäklerinde hemişe ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň biri bolup durýar.

...Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Gutlagda hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forumyň Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady. “Netijeli häsiýete eýe boljak bu forum dialogy ilerletmek, tagallalary birleşdirmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegi üçin iş meýilnamalaryny düzmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem forum SPECA tarapyndan kabul edilen strategik resminamalaryň ýerine ýetirilişini gözden geçirmek, olary has giň gerimde durmuşa geçirmek, aýratyn-da, 2030-njy ýyla çenli SPECA-nyň Ösüş konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly Türkmenistanyň umumy maksatlaryna laýyk gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra forumyň plenar mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar. Häzirki zaman şertlerinde bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa yklymynda iň çalt ösýän ulag-logistika we energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam berip, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Çykyş edenler Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi, üstaşyr geçirmek amallarynyň ýeňilleşdirilmegi diňe bir sebitiň döwletleriniň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Bütindünýä durnukly ulag gününiň döredilmegi bu ugurdaky tagallalaryň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da, energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy häzirki ählumumy geosyýasy we geoykdysady şertlerde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň häzirki ýetilen derejesine ýokary baha berýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyga üýtgewsiz ygrarlylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýurdumyzyň eýerýän esasy ýörelgeleridir. Türkmenistan SPECA ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Özara bähbitli gatnaşyklar ýylsaýyn pugtalandyrylýar, döwletlerimiziň ykdysady ösüşine ýardam berýän ulag geçelgeleri ösdürilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň agzalan düzüme girýän ýurtlar bilen özara haryt dolanyşygynyň artmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

SPECA sebitinde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi we innowasion işjeňligiň höweslendirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş we innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi. Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Maglumat alyşmalarynyň sanlylaşdyrylmagy ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýar.

Maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde mejlise gatnaşyjylar SPECA-nyň köphyzmatdaşly gaznasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler. Türkmen tarapynyň öňe sürýän bu mehanizmi serhetüsti başlangyçlary maliýe taýdan üpjün etmek üçin wajyp gural bolar. Bu gazna “ýaşyl” ykdysadyýet, energetika, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri üpjün etmäge ýardam berer. Ekologik durnuklylyk, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak meselelerine hem üns berildi. Halkara guramalaryň wekilleri SPECA-nyň formatyndaky ykdysady integrasiýanyň daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler bilen utgaşykly bolmalydygyny nygtadylar. Mejlise gatnaşyjylar ykdysady ösüşiň inklýuziw häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdiler. Gaz we elektrik geçirijiler ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegi SPECA sebitinde uzak möhletli parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we abadançylygyň kepili bolup hyzmat edýär.

Plenar mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de netijeli dialoga döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Aşgabatda kabul ediljek çözgütleriň SPECA formatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.

Arakesmeden soňra forum öz işini «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda mejlise gatnaşyjylar eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we köpşahaly infrastrukturany döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Sebitiň energetika özara baglanyşygy diňe bir energiýa serişdelerini iberiji ýurtlar üçin däl, eýsem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin hem durnuklylygyň kepili bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ygtybarly halkara energetika infrastrukturasyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, energetika milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz täze elektrik stansiýalaryny gurmak, elektrik energiýasyny öndürmek, ony goňşy ýurtlara eksport etmek boýunça öňdäki orunlara çykdy. Türkmenistan energetika sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ählumumy ulgama goşulyşmagynyň esasy şerti hökmünde garaýar we SPECA giňişligini durnukly hem-de howpsuz energetika merkezine öwürmäge çalyşýar. Bu strategiýa sebitde özara baglanyşygy pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Ugurdaş infrastrukturany ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyz uglerod gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, sanlylaşdyrmak boýunça halkara gün tertibini işjeň goldaýar. “Akylly” ulgamlaryň, SPECA-nyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde döwrebap hasaba alyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy sebitiň energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Mejlisiň dowamynda bilermenler serhetüsti energiýa alyşmalaryny ýeňilleşdirmek üçin gatnaşyjy döwletleriň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny özara laýyk getirmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Bitewi standartlaryň we hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň döredilmegi milli energetika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, täze elektrik geçirijileri guramak üçin goşmaça maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, energetika akymlaryny dolandyrmakda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. “Akylly” ulgamlaryň ornaşdyrylmagy energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we hyzmatdaşlaryň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

«Ýewraziýa ulag baglanyşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygy» atly mejlisde multimodal ulag geçelgelerini amatlylaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, milli ulag ulgamlarynyň SPECA-nyň bitewi ulgamyna birleşdirilmegi üstaşyr ýük akymlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag diplomatiýasy babatda öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda ulag arabaglanyşygy boýunça çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşyp, dürli halkara guramalarda, şol sanda BMG-niň çäklerinde başlangyçly çykyş edýär. Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki tagallalary netijesinde häzirki wagtda Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa multimodal geçelgesi hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly döredildi we üstünlikli hereket edýär.

Ýurdumyz diňe bir ýol gurmak bilen çäklenmän, eýsem, innowasion tehnologiýalary hem işjeň ornaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demir ýol pudagyny sanlylaşdyrmak, ýük daşamalary dolandyrmagyň we infrastruktura gözegçilik etmegiň intellektual ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem mejlisiň dowamynda serhetlerden geçiriş amallaryny ýeňilleşdirmek, gümrük kanunçylygyny özara laýyk getirmek meselelerine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýük daşamalaryň bitewi standartlarynyň ornaşdyrylmagy Merkezi Aziýany dünýä derejesindäki ygtybarly üstaşyr merkeze öwürmäge mümkinçilik berer.

Soňra forum «Durnukly ösüş üçin strategik garaýyş» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň integrirlenen çemeleşmelerini işläp taýýarlamak meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy ykdysady ösüşiň, integrasion prosesleriň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Durnukly söwda ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmäge, milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan köpugurly halkara ulag-logistika infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen giň möçberli milli we sebit taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Özara bähbitli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, daşary söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, integrasion gatnaşyklary we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Çykyşlaryň dowamynda uzak möhletli strategik maksatnamalara geçmegiň zerurdygyna üns çekildi. Bellenilişi ýaly, SPECA-ny institusional taýdan pugtalandyrmak boýunça başlangyçlar sebitiň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Mejlise gatnaşyjylar özara hormat goýmak, bähbitleriň umumylygy esasynda tagallalary birleşdirmegiň Merkezi Aziýany we Kawkaz sebitini ählumumy durnukly ösüşe saldamly goşant goşýan, gülläp ösýän sebite öwürmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.

Forum 22-nji ýanwarda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.

Soňky habarlar
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
I.M.Ilamanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
21.01
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.01
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
21.01
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20.01
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara
20.01
Halkyň ruhy mirasy häzirki zaman ylmy barlaglarynyň beýanynda
19.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow